Malaý käninde basyş kompressor bekediniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda

Malaý käninde basyş kompressor bekediniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda

Lebap welaýatynda «Malaý» käninde gurluşygy alnyp barylýan basyş kompressor bekedinde sazlaýyş işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.

BKB-niň taslama kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr gaza barabardyr. Desganyň infrastrukturasyna «A» we «B» BKB girýär. Bu ýerde şeýle hem barlag-tehniki nokadyň hem-de ýapyk görnüşli paýlaýjy desganyň bloklary ýerleşdirilendir.

Malaý — Türkmenistanyň iň öndürijilikli känleriniň biri bolup, bu ýerde köp ýyllaryň dowamynda tebigy gaz netijeli ýagdaýda çykarylyp gelinýär. Türkmenistan – Hytaý halkara gaz geçirijisi boýunça «mawy ýangyjy» ibermek işi hem hut şu känden alnyp barylýar.

2018-nji ýylda türkmen tebigy gazynyň eksport möçberlerini artdyrmak maksady bilen «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Petro Gas LLP» britan kompaniýasynyň arasynda bu infrastruktura desgasyny gurmak hakynda şertnma baglaşyldy.

Täze gaz kompressor desgasynyň ulanyşa girizilmegi «mawy ýangyjyň» eksport möçberlerini artdyrmaga ýardam eder.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993