«Şatlyk» kärhanasy «Döwletabat – Derýalyk» gaz geçirijisine gazyň üznüksiz berilmegini üpjün edýär

«Şatlyk» kärhanasy «Döwletabat – Derýalyk» gaz geçirijisine gazyň üznüksiz berilmegini üpjün edýär

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Şatlyk» önümçilik kärhanasy toplumlaýyn tehnologik enjamlary bolan senagat meýdançasy bolup, «Döwletabat—Derýalyk» magistral gaz geçirijisine harytlyk gazy üznüksiz bermekde möhüm orny eýeleýär.

300-den gowrak hünärmen zähmet çekýän kärhanada taslama kuwwaty günde 37 mln kub metr bolan bäş sany gaz basyşenjamlary hereket edýär. Gazyň berilmegine we basyşyna tehniki gözegçilik sanly aragatnaşygyň üsti bilen ýerine ýetirilýär. Önümçilik gulluklary magistral gaz geçirijiniň degişli bölekleriniň hyzmat we gözegçilik işlerini yzygiderli geçirip durýarlar. Bu ýerde magistral gaz geçirijiniň elektrohimiýa we telemehanika goragy hem ýokary hilli we öz wagtynda amala aşyrylýar.

Işleriň ýokary netijeli bolmagy üçin «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan satyn alnan ýöriteleşdirilen tehnikalar ulanylýar. Awtoulag hojalygynyň awtoparkynda turba ulag maşynlary, buldozerler we beýleki döwrebap mehanizmler bar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993