«Türkmengeologiýa» DK täze ýolbaşçy bellenildi

«Türkmengeologiýa» DK täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Merdan Täjimowiç Rozyýew, başga işe geçmegi sebäpli, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Gurbangeldi Garlyýewiç Garlyýew «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine bellenildi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993