Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 4-5-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasynda saparda bolup, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Saparyň ilkinji gününiň çäginde türkmen wekiliýeti Fransiýanyň "MEDEF-International" halkara assosiasiýasynyň agzalygyna girýän fransuz kompaniýalarynyň işewürlik duşuşygyna gatnaşdy.

Foruma gatnaşyjylar söwda, ykdysadyýet, energetika, oba hojalygy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary boýunça türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek we giňeltmek barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti fransuz işewür wekillerine ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary we maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumat berdi.

Nebit-gaz we gaz himiýa pudaklary, elektrik energetikasy, ulag we aragatnaşyk, lukmançylyk senagaty we derman senagaty, maliýe-bank pudagy, şeýle hem suw dolandyryş toplumy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Duşenbe güni R.Meredow Fransiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri, şol sanda “Fransiýa-Türkmenistan” Söwda edarasynyň hormatly prezidenti, “CIFAL International Services” kompaniýasynyň prezidenti Žill Remi, “CARPI Tech” kompaniýasynyň hormatly prezidenti Alberto Mariýa Skuero we bu kompaniýanyň baş direktory Fransua Tronel, “Bouygues” kompaniýalar toparynyň prezidenti Marten Buig, “Vinci Construction Grands Projets” kompaniýalarynyň prezidenti Patrik Kadri bilen duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklarda bu kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pariže saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary dürli döwlet edaralarynyň hem-de fransuz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993