Parižde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýanyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi

Parižde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýanyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi

4-5-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalar bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Fransuz işewür toparlarynyň wekilleri bilen Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda, hususan-da, “Fransiýa-Türkmenistan” Söwda edarasy, «French Healthcare Association» birleşigi, «Coface» maliýe edaralary, «UBAF» Union de Banques Arabes et Françaises, «Société Générale CIB» we «Credit Agricole», «IB2C France» federasiýasy, «CIFAL International Services», «Thales», «Thales Alenia Spaсe», «Airbus», «TOTALENERGIES», «MBDA», «Bouygues Groupe», «VINCI Construction Grands Projets», «BAUDIN CHATEAUNEUF», «CARPI Tech», «Rothschild & Co» kompaniýalary we beýlekiler bilen özara gatnaşyklar meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we geljekde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993