Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanyň ykdysadyýetini liberallaşdyrmak boýunça başlanan işleri dowam etmeli

Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanyň ykdysadyýetini liberallaşdyrmak boýunça başlanan işleri dowam etmeli

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemlerine bagyşlanyp Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde ykdysadyýeti liberallaşdyrmak boýunça başlanan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, pandemiýa zerarly ýüze çykan häzirki kynçylyklara garamazdan, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, maliýe ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek we Konstitusiýamyza laýyklykda bazar ykdysadyýetini emele getirmegi çaltlandyrmak üçin göz öňünde tutulan giň gerimli özgertmeleri dowam etmek zerurdyr.

Ykdysadyýetimizi (şol sanda energiýa serişdeleriniň bazaryny) liberallaşdyrmak, bäsdeşligi ösdürmek, işewür ýagdaýlary gowulandyrmak, ykdysadyýetimizde döwlet pudaklarynyň paýyny azaltmak boýunça başlanan işleri hem dowam etmek wajypdyr diýip, türkmen Lideri nygtady.

Bu bolsa ýurdumyzda orta möhletli geljekde daşary ýurt maýa goýumlarynyň akymyny durnukly artdyrmaga ýardam berer diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şu wajyp ugurlar boýunça anyk teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow 2020-nji ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berip, şu ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 109,4 göterim, çykdajy böleginiň bolsa 91,2 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.

9 aýyň dowamynda döwlet emläginiň 53-si hususylaşdyryldy we Döwlet býujetine 126,1 million manat möçberindäki serişdeler geçirildi. Şeýle hem döwlet emläginden alnan kärende tölegi 122 million manada deň boldy. Üç çärýegiň jemleri boýunça milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi jemi içerki önümiň 21,3 göterimine barabar boldy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993