Şu ýylyň dokuz aýynyň jemine garaldy

Şu ýylyň dokuz aýynyň jemine garaldy

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda wideomaslahat görnüşinde hasabat ýygnagy geçirildi. Onda toplumyň düzümine girýän konsernlerde, korporasiýada, birleşiklerde we müdirliklerde hem-de edara-kärhanalarda üstümizdäki «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň dokuz aýynda alnyp barlan işlere baha berildi hem-de öňde goýlan wezipelere ýetmegiň ýollary kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow  hasabat ýygnagyny açmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 9-njy oktýabrda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýangyç-energetika pudagyndaky işleriň ýagdaýyny seljermek hem-de bar bolan kemçilikleri düzetmek üçin degişli çäreleri görmek babatda toplumyň öňünde uly wezipeleri goýandygyny belledi. 

Soňra wideomaslahat görnüşindäki hasabat ýygnagynda Döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler hem-de hormatly Prezidentimiziň giňişleýin mejlisde belleýşi ýaly, çig nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatlyklaryny doly güýjünde peýdalanmak babatda bar bolan kemçilikleri düzetmegiň ýollary, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny ilerletmek barada durup geçdiler hem-de degişli çäreleri bellediler.

Wideomaslahat görnüşindäki hasabat ýygnagynyň ahyrynda wise-premýer M.Meredow ýylyň ahyryna çenli az wagtyň galandygyna, her bir zähmet köpçüliginiň has-da tijenip işlemelidigine ünsi çekmek bilen, her bir gazanylan üstünligiň, her bir ýetilen sepgidiň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň uly baýramçylygyna — hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna mynasyp toý sowgady boljakdygyny belledi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993