2020-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aralygynda Türkmenistandan Gruziýa iberilen dizel ýangyjynyň mukdary 55,9 müň tonna (umumy möçberiň 13,3%) barabar boldy. Bu barada Gruziýanyň nebit önümlerini import edijiler birleşmesine salgylanyp “Interfaks-Azerbaýjan” habarlar agentligi sişenbe güni habar berdi.
Gruziýa iň köp möçberde dizel ýangyjy Russiýadan import etdi (umumy möçberiň 23,7%). Import 8.2% ýokarlanyp — 250,8 müň tonna deň boldy, ol umumy möçberiň 31,1%-ne deň.
Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynda Gruziýa 807,5 müň tonna benzin we dizel ýangyjyny import etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,6% ýokarydyr.