Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
15.01.22 - 10:3013-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Uzynada meýdançasyna bardy hem-de şol ýerde nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň baý serişdeler kuwwatyny özleşdirmek we ondan netijeli peýdalanmak boýunça maslahat geçirdi.
Türkmenistanda nebitgaz ulgamynda ägirt uly önümçilik mümkinçilikleri bar
16.01.22 - 16:58Türkmenistanda ägirt uly çig mal we senagat mümkinçilikleri, şeýle hem ýurdy strategiki taýdan möhüm bolan nebit we gaz önümlerini öndüriji we eksport ediji ýurda öwürmek üçin tebigy we tehnologiki mümkinçilikleri bar. Bu barada ylmy makalasynda CentralAsia.news elektron neşiriniň ylmy synçysy, belli türkmen alymy, tehniki ylymlarynyň doktory we bilermen Allaberdi Ylýasow belledi.
Täze goşgy nebitgazçylary zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar
12.01.22 - 20:28Ýakynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda 2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başynda hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
Ýakyn wagtda TOPH boýunça ylalaşyklara gol çekiler — Owganystanyň HBS-i
13.01.22 - 11:52Ýakyn wagtda owgan tarapy Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlary bilen galan ýedi ylalaşyga gol çeker diýip, TOLOnews owgan telekompaniýasy Owganystanyň DIM-niň beýanatyna salgylanyp habar berýär.
Türkmenistan Gazagystana tebigy gazy we elektrik energiýasyny eksport edip başlamaga taýýar — DIM
12.01.22 - 09:25Türkmenistan Gazagystana tebigy gazy we elektrik energiýasyny eksport edip başlamaga taýýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow 11-nji ýanwarda Türki döwletleriň guramasynyň Daşary işler ministrleriniň adatdan daşary onlaýn duşuşygynda eden çykyşynda belledi. Duşuşykda Gazagystandaky ýagdaýlar maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Nebiti gaýtadan işlemegiň önümleri TDHÇMB-niň söwdalarynyň öň hatarynda
11.01.22 - 19:59Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň47-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň häkimiýetleri bilen nebitgaz toplumynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerini maslahatlaşdy
11.01.22 - 20:05Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ibragim Raisi Eýrana iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetini kabul etdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistan we Owganystan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirmäge taýýar
11.01.22 - 19:58Türkmenistanyň we Owganystanyň Hökümet wekilleri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda we beýleki infrastruktura taslamalarynda hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýarlygyny mälim etdiler diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow Derwezedäki gaz kraterini söndürmegiň usulyny tapmagy tabşyrdy
11.01.22 - 20:02Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Derwezedäki ýanyp duran gaz kraterini söndürmegiň çözgüdini tapmak meselesini gozgady.
TNGIZT EURO-6 standartyna laýyk gelýän A-98 kysymly awtobenziniň önümçiligini ýola goýdy
11.01.22 - 20:03Türkmenistanda EURO-6 standartyň hil talaplaryna doly laýyk gelýän we ekologiýa taýdan has arassa bolan A-98 kysymly awtobenziniň önümçiligi başlandy. Bu barada Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren Hökümet mejlisinde habar berdi.
Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi ulanylyp başlany bäri, 320 mlrd kub metr türkmen gazy iberildi — CNPC
08.01.22 - 17:582009-njy ýylda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň ulanylmaga tabşyrylanyndan bäri, jemi 320 milliard kub metrden hem gowrak türkmen gazy Hytaýa iberildi. Bu barada Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň (CNPC) baş direktory Çen Huaýlun beýan etdi. Muny «Watan» habarlar gepleşiginde habar berdiler.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
08.01.22 - 17:59OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
Türkmenistanyň Lebap welaýatynda täze gaz ýataklary ýüze çykaryldy
07.01.22 - 09:50Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerleşýän «Malaý» we «Naýyp» gaz känlerine ýanaşyk ýerlerde geçirilen geofiziki işleriň netijesinde «Demirgazyk Derwüş» we «Malaý» käniniň aşaky gatlaklarynda täze gümmez ýüze çykaryldy. Bu barada «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçysy M.Rozyýew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň gaz pudagynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
07.01.22 - 09:52Geçen çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň adminsitratiw merkezinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.
Türkmenistan Özbegistana benzin ibermek boýunça öňdäki üçlükde
07.01.22 - 09:49Özbegistan 2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistandan 141,2 mln litr awtomobil benzinini import etdi. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti habar berýär. Şeýlelikde, goňşy ýurtda awtobenzin eksport etmek boýunça Türkmenistan ikinji orny eýeleýär.