Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän şanly 31 ýyllygy belentden toýlanjak «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginde amala aşyrylýan işler hem döwrebaplygy bilen tapawutlanýar.
Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha belende göterilmeginde hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynda gazanylýan üstünlikleriň öz mynasyp dowamyny tapmagy üçin döwrebap işleriň amala aşyrylmagynyň zerurdygyny hemişe aýratyn nygtaýar. Şonuň üçin hem bu ulgama döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn hemaýat berilýär. Aslynda-da, täzeçil tehnologiýalary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak esasynda pudaklaýyn düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň biridir. «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleri hem bu belent wezipeleri durmuşa ornaşdyrmakda tagallalaryny gaýgyranoklar.