Möhüm işde öň hatarda

Möhüm işde öň hatarda

Jogapkärli işde ilkinji bolmak, yhlasly we ýokary netijeli zähmet çekmekde köplere görelde görkezmek ýaly uly hormata mynasyp bolýanlaryň arasynda buraw ussasy Nazar Joraýew we onuň ýolbaşçylygynda zähmet çekýän hünärmenler hem bar. Bu gaýratly we ussat baýlyk agtaryjylar «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynda öňdebaryjylar hökmünde tanalýarlar. Olar şeýle at-abraýa gymmatly baýlyklaryň üstüni açmak, olary ýurdumyzyň ösüşleriniň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň hyzmatynda goýmak ýaly möhüm işde has tapawutlanyp işlemek arkaly mynasyp bolýarlar.

— Golaýda biz Balkan welaýatyndaky Uzynada ýatagynda taslama çuňlugy 7200 metre barabar bolan gözleg guýusyny burawlamagy üstünlikli tamamladyk. Bilelikde eden tagallalarymyz ýerine hem düşdi. Ýeriň çuň gatlagyndan uglewodorod serişdeleriniň täze gory ýüze çykaryldy. Ýakynda bolsa täze meýdança işlemäge geçdik — diýip, Nazar Joraýew şu günlerki ýerine ýetirýän iş-aladalary barada höwes bilen gürrüň berýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993