Balkan welaýatynyň kärhanalarynyň zähmet toparlary şu günler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda toýlanýan mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk baýramyny mynasyp önümçilik görkezijileri bilen garşylamagy maksat edinip, has-da gaýratly zähmet çekýärler. Tebigy gazyň üznüksiz akymy bilen ýurdumyzyň kuwwatly kärhanalarydyr ilatly nokatlaryny ygtybarly üpjün etmäge mynasyp goşant goşýan «Türkmengaz» döwlet konserniniň Balkanabatdaky «Günbatargazakdyryş» müdirliginiň hünärmenleri hem şu belent maksada gulluk etmek bilen, sarp edijilere «mawy ýangyjyň» milliardlarça kubmetrini ýetirip, ajaýyp üstünlikleri gazanmagy başardylar.
Balkan welaýatynyň çägindäki jemi uzynlygy iki müň kilometre barabar bolan ýokary basyşly gaz geçirijileriň ugurlaryndaky paýlaýjy beketleriň tehniki taýdan hemişe ygtybarly işledilmegi, ilkinji nobatda, gürrüňi edilýän müdirligiň öz işlerine ussat hünärmenleridir işçileriniň tagallaly zähmetine bagly bolup durýar.