«Mawy ýangyjyň» eşretli hözirini görýärler

«Mawy ýangyjyň» eşretli hözirini görýärler

«Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary howanyň sowuk döwri bolan güýz-gyş möwsüminiň işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Häzirki döwürde welaýat merkezi bolan Daşoguz şäheriniň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmekde ýokary netijelere eýe bolýan edaranyň agzybir işgärleri welaýatyň Jemagat hojalygy birleşiginiň Daşoguz şäher ýylylyk müdirliginiň işçi-hünärmenleri bilen birlikde şäherde bar bolan ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegi ugrunda hem wajyp işleri durmuşa geçirýärler. Netijede, şäheriň çäginde bar bolan 61 sany gazanhana barýan gaz geçirijiler we gaz sazlaýjy enjamlar olar tarapyndan düýpli abatlanyp, ýyladyş möwsümine doly taýýar edilip, häzirki döwürde 370 ýaşaýyş jaýy, 27 edara binasy, şonça-da orta mekdep, 2 sany çagalar sagaldyş-okuw mekdebi hem-de ýüzlerçe hususy ýaşaýyş jaýlary talabalaýyk ýyladylýar. Munuň üçin welaýat merkeziniň tebigy gazy ulanyjylarynyň şäheriň çäginde bar bolan dürli basyşly gaz geçirijileriň 550 kilometre golaý ýeriniň, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň bolsa 445 sanysynyň gije-gündiziň dowamynda saz işlemegi ugrunda nusgalyk zähmet çekýän edaranyň gazçylaryna hoşallyklarynyň çägi ýok.

— Men Daşoguz şäheriniň «Merkez-1» ýaşaýyş jaý toplumynda ýaşaýaryn. Şäherimiz soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt baradaky aladalary netijesinde tanalmaz derejede özgerdi. Soňky döwürde gymmatly «mawy ýangyç» bolan tebigy gaz bilen üpjünçiligimiz hem has gowulandy. Ýylyň islendik döwründe onuň eşretli hözirini görüp ýaşaýarys. Eger gaz enjamlarymyzda bir näsazlyk ýüze çyksa, «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasyna jaň edýäris. Olaram tiz gelip, gaz plitalarymyzy düzedip berip, içeri öý enjamlaryny gözden geçirip gidýärler. Şonuň üçin bu edaranyň gazçylarynyň hyzmatyndan biz diýseň hoşal — diýip, Arazmyrat Amanow hoşallyk bilen aýdýar.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993