Islendik zähmet adamy üçin bitirýän işiniň miwesini görmek uly bagt. Şonda gazanylan gowy netijeden çäksiz kanagatlanma alnyp, ynsan ömri çuňňur many-mazmuna beslenýär. Şeýle ýakymly pursatlar Timur Bazarowyň durmuşynda hem az bolanok. Munuň hem özüne ýetesi sebäbi bar. Ol «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynda buraw ussasy bolup zähmet çekmek bilen, ýer astyndaky baýlyklaryň üstüni açmak, ýurdumyzyň baýlyk gorlaryny artdyrmak ýaly il-ýurt bähbitli iş bilen meşgullanýar.
— Mundan ozalky iş ýerimiz Goturdepe ýatagyndady. Bu ýerde 19-njy «a» gözleg guýusyny burawlamak işini ýerine ýetirdik. Şonuň netijesinde «gara altynyň» senagat akymy alyndy. Bu şatlykly waka toparymyzyň agzalaryny has-da yhlasly we netijeli zähmet çekmäge höweslendirdi — diýip, buraw ussasy guwanç bilen gürrüň berýär.