Ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň bellenilýän dekabr aýynda beýik başlangyçlaryň birnäçesine ak pata berlip, uly öwrülişikler nebitgaz ulgamynda hem amala aşyryldy. Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda dört döwletiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berlipdi. Bu halkara gaz geçirijisi Türkmenistanyň çäginden Hindistana çenli 1814 kilometre uzalyp gidýär. Onuň 214 kilometri bolsa Türkmenistanyň çäginde ýerleşýär. Gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre barabar bolar. Ine, şeýle möhüm ähmiýete eýe boljak bu gurluşykda eýýäm birnäçe işler bitirildi.
Öz gözbaşyny gadymy Mary topragyndaky «Galkynyş» gaz käninden alyp gaýdýan bu halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berlen güni Türkmenistanyň öz energetika gorlaryny umumadamzat bähbitlerine gönükdirmek syýasatyny üstünlikli ýöredýändigine şaýatlyk edýän möhüm waka hökmünde taryha girdi. TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen onuň ugrunda 12 müňe golaý täze iş orunlary dörär. Ol birnäçe ýurtlaryň ykdysadyýetine özüniň peýdaly täsirini ýetirer we türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiligini atdyrar. Şeýlelikde, hemmeler üçin-de bähbitli boljak TOPH taslamasynyň öz wagtynda amala aşyrylmagy üçin degişli taraplar yzygiderli gyzyklanyp, birnäçe işleri alyp barýarlar.