Ýurt garşy alsyn!

Ýurt garşy alsyn!

Goşa baýramyň — Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramynyň öň ýanynda ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň Seýdi şäherinde nebiti gaýtadan işleýän zawodyň işgärleriniň maşgalalary üçin dört gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz mähriban halkynyň ýaşaýşynyň abadan, durmuşynyň eşretli bolmagy ugrunda ýadawsyz alada edýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň çar ýanynda köp sanly ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly binalar yzygider gurulýar. Bu babatda Seýdi şäherinde hem tutumly işler alnyp barylýar. Iri senagat kärhanasynda işgärleriň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmaga çynlakaý üns berilýär. Şonuň netijesinde ýylyň-ýylyna ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanylmaga berilýär. Bular barada täze jaýyň açylyş dabarasynda çykyş edenler guwanç bilen belläp geçdiler. Olar özleri hakynda edýän ýadawsyz aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny belent mertebe bilen ýöredýän Arkadagly Serdarymyza özleriniň hoşallyklaryny beýan etdiler.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993