Goşa toýy sowgatly garşylaýarlar

Goşa toýy sowgatly garşylaýarlar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän gaz gysyjy önümçilik edaralarynyň işçi-hünärmenleri baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk şanly senesini hem-de 14-nji dekabrda ýurdumyzda uly dabara bilen bellenip geçiljek öz hünär baýramçylyklaryny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylaýarlar.

Tamamlanyp barýan «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna beslenen şu ýylda müdirligiň aýba-aý iş tabşyryklaryny talabalaýyk ýerine ýetirip gelýän öňdebaryjy zähmet köpçüliginiň biri-de welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Derýalyk» önümçilik edarasydyr. «Döwletabat — Derýalyk» halkara gaz ulgamynyň demirgazykda ýerleşýän iň soňky gaz gysyjy desgasy bolan bu edarada onuň gündogar-günortasynda ýerleşýän «Ýylanly» önümçilik edarasyndan gelýän gymmatly «mawy ýangyç» gaýtadan işlenip, arassalanyp, guradylyp, halkara hil derejesinde daşary bazarlara ugradylýar. Edaranyň ähli desgalarynyň ýörite kompýuter enjamlary arkaly dolandyrylýan ýeri bolan dolandyryş merkezinde bolup, gündelik iş alyp barýan hünärmenler bilen söhbetdeş bolanymyzda, ähli işleriň sanly ulgam arkaly alnyp barylýandygynyň şaýady bolduk.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993