«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Gazawat» senagat meýdançasynyň energosuwüpjünçilik gullugynyň işçi-hünärmenleri häzirki gyş günlerinde müdirligiň merkezi dolandyryş edarasyna degişli desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün edýärler. Munuň özi müdirligiň merkezi dolandyryş edarasyna we «Gazawat» senagat meýdançasyna degişli zähmet köpçüliklerinde alnyp barylýan derwaýys işleriň sazlaşykly gitmegini hem-de ol ýerlerde işleýän zähmet adamlarynyň amatly iş orunlarynda işlemegini şertlendirýär. Müdirligiň degişli hünärmenleri şular ýaly amatlyklaryň «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Şatlyk», «Garagum», «Çöllük», «Ýylanly» we «Derýalyk» ýaly önümçilik edaralarynyň ählisinde-de döredilendigini gürrüň berýärler.
Mälim bolşy ýaly, müdirligiň garamagyndaky «Döwletabat — Derýalyk» iri gaz magistraly ýurdumyzyň gündogarynda ýerleşýän gäz känlerinden alynýan gymmatly «mawy ýangyjy» Diýarymyzyň demirgazygynda ýerleşýän böleginiň ilatyna ýetirmekde we Ýewropa ugry boýunça dünýä bazaryna çykarmakda möhüm ähmiýetli gaz geçirijileriň biridir. Munuň şeýledigine düşünýän müdirligiň düzümine girýän edara-kärhanalaryň, şol sanda «Gazawat» senagat meýdançasynyň işçi-hünärmenleri gaz akdyryjy, gaz gysyjy hem-de gaz paýlaýjy desgalar bilen bir hatarda, dolandyryş we önümçilik binalarynyň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamakda hem ýylyň başyndan bäri giň göwrümli işleri durmuşa geçirdiler. Biziň bu ugurda «Gazawat» senagat meýdançasynyň energosuwüpjünçilik gullugynyň başlygy Durmuş Kakaýew bilen başlanan söhbetdeşligimiziň dowamy olaryň häzirki döwürde alyp barýan gündelik wajyp işleri baradaky gürrüňlere ulaşdy.