Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 4-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren ilkinji mejlisinde nebitgaz ulgamynyň işleri baradaky hasabaty diňläp, täze özleşdiriljek nebit ýataklarynyň gorlaryny kesgitlemek boýunça alnyp barylýan çäreleriň ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakdaky ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Şundan ugur alýan «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň düzüminde hereket edýän geofiziki ekspedisiýalar, ýörite geologik maglumatlar merkezi, geologiýa-gözleg we gidrogeologik ekspedisiýalardyr beýleki bölümler döwrebap işleri ýerine ýetirýärler. Bu düzümleriň «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyna» laýyklykda geçirýän işleri iki hem-de üç ölçegli seýsmiki barlaglary, profilli we meýdan-grawimetrik, şonuň ýaly-da beýleki barlag usullaryny, şeýle hem gatlaklaryň nebitgaz berijiligine baha bermegi, uglewodorod serişdeleriniň gorlaryny artdyrmaga gönükdirilen çuň gözleg-barlagy we parametrik burawlaýşy özünde jemleýär. Döwlet derejesindäki bu möhüm işleri üstünlikli amala aşyrmakda Balkan geofizika ekspedisiýasynyň hünärmenleriniň amala aşyrýan işleri hem özüniň döwrebaplygy bilen tapawutlanýar.
— Kärhanamyzyň zähmet toparlary geçen ýylda jemi 1 müň 79 pogon-kilometrlikde 2D usuly bilen seýsmiki gözleg işlerini geçirmek baradaky meýilnamany 105 göterim berjaý etmegi başardylar. Gürrüňi edilýän hasabat ýylynda 3D usulynda geçirilmeli işlerimiziň meýilnamasyna bolsa 108 göterim amal etdik. Bu ugurda bitirilen iş bellenilen meýilnamadan 673 inedördül kilometre barabar artyk boldy. Şeýle hem 2022-nji ýylda grawiki gözleg işleri baradaky tabşyryga 102 göterim hötde gelmegi başardyk. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň arka atylan ilkinji ýylyny oňat önümçilik görkezijileri bilen jemlemegi başaran geofiziklerimiz «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylyň hem belent sepgitlere beslenjekdiklerine pugta ynanýarlar — diýip, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Balkan geofizika ekspedisiýasynyň önümçilik-tehniki bölüminiň başlygy Hojanur Işmämmedow buýsanç bilen aýdýar.