Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlary oňa täze tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, öndürilýän önümleriň görnüşlerini we hilini ýokarlandyryp, bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmakdan hem-de dünýäniň ösen ölçeglerine gabat getirmekden, şeýle-de daşky gurşawy goramaga we ekologiýany arassa saklamaga gönükdirilen halkara talaplaryny doly kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» beýleki wezipeler bilen birlikde, uglewodorod serişdeleriniň gaýtadan işlenilýän we ekologiýa taýdan arassa ahyrky önümleri öndürýän möçberlerini artdyrmak wezipesi hem öňde goýulýar. Zawodlar toplumynda täze önümiň — B-92 kysymly awiabenziniň önümçiliginiň ýola goýulmagy şol wezipeleri üstünlikli çözmeklige gönükdirilen netijeli işleriň biridir.
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýurdumyzda oba hojalyk işlerinde, hususan-da, ekinleri mineral dökünler bilen üpjün etmekde hem-de zyýanly mör-möjeklerden goramakda giňden ulanylýan An-2 kysymly uçarlar üçin awiabenzin öndürip bermek baradaky ýüztutmasy esasynda zawodlar toplumynyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi bilen hyzmatdaşlyk etmeginde «B-92 awiasiýabenzini TŞ 05766698-118-2022» diýen kadalaşdyryjy resminama işlenip taýýarlanyldy we resmileşdirildi. Zawodlar toplumynyň ýokary oktanly benzin üçin goşundy öndürmek boýunça 4-nji sehiniň «Suwuklandyrylan gazdan awtomobil benzini üçin ýokary oktanly goşundysyny alýan» desgasynda tehnologik ýagdaýy sazlamak we kükürt kislotasynyň konsentrasiýasyny has-da ýokarlandyrmak arkaly geçirilen işleriň netijesinde B-92 kysymly awiabenzini öndürmek üçin gerekli bolan komponent alyndy. Şondan 8-nji haryt-çig mal sehiniň benzinleri garýan desgasynda B-92 kysymly awiasiýa benzini taýýarlanyldy.