Maksada okgunly işler

Maksada okgunly işler

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary welaýat merkeziniň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» her bir iş gününi zähmet rowaçlyklaryna besleýärler. Munuň şeýledigine müdirligiň işçi-hünärmenleri tarapyndan şu ýylyň ilkinji aýynyň üstünlikli jemlenmegi hem doly güwä geçýär.

Welaýatyň Jemagat hojalygy birleşiginiň Daşoguz şäher ýylylyk müdirliginiň işçi-hünärmenleri bilen bilelikde şäheriň çäginde bar bolan gazanhanalaryň, ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegi ugrunda wajyp işleri alyp barýan edaranyň gazçylary dürli basyşly gaz geçirijileriň 600 kilometre golaý ýeriniň, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň bolsa 450-ä golaýynyň gije-gündiziň dowamynda saz işlemegini üpjün edýärler. Edaranyň degişli hünärmenleri bilen iş üstünde söhbetdeş bolanymyzda, olar häzirki wagtda gojaman Şabady etekläp oturan Daşoguz şäheriniň çäginde bar bolan 64 sany gazanhana barýan gaz ulgamlaryň we gaz sazlaýjy enjamlaryň üznüksiz işlemegi netijesinde 740 sany ýaşaýyş jaýynyň, 30-dan gowrak edara binasynyň, şonça-da orta mekdep bilen çagalar bagynyň, şeýle hem ýüzlerçe hususy ýaşaýyş jaýlarynyň talabalaýyk ýyladylýandygyny buýsanç bilen gürrüň berýärler. Biz munuň şeýledigine welaýatyň Jemagat hojalygy birleşiginiň Daşoguz şäher ýylylyk müdirliginiň baş inženeri Jeýhun Nepesow bilen söhbetdeş bolanymyzda hem has aýdyň göz ýetirdik.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993