Täze oba gaz geldi
29.08.22 - 21:26Halaç etrabynyň Akgala geňeşliginiň Garagum çölüniň eteginde ýerleşýän Kekreli obasyna tebigy gaz geldi. Elbetde, ýurdumyzda ilatly ýerleriň aglabasynyň gazlaşdyrylan döwründe bu habaryň adaty bir zat hökmünde kabul edilmegi hem mümkin. Gadyrly okyjylarymyzdan şeýle netije çykarmaga howlukmazlygy haýyş edýäris. Bu wakanyň esasy özeni başga, has möhüm meselelerde jemlenýär. Ol bolsa hormatly Prezidentimiziň ilatyň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen parasatly syýasatyndan gözbaşyny alýar.
Ýokary taýýarlykly garşylaýarlar
22.08.22 - 15:14«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Göroglyetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň işgärleri şu günler etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek bilen bir hatarda, etrabyň çäginde bar bolan gaz desgalaryny we bitewi gaz ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak ugrunda maksada okgunly işleri alyp barýarlar.
Ekeremiň edermen burawlaýjylary
16.08.22 - 10:45«Türkmennebit» döwlet konserni ýurduň ykdysadyýetinde iri önümçilik-hojalyk toplumy bolup, ol nebitgazly ýataklarda gözleg-barlag işlerini geçirmegi we olary işläp taýýarlamagy alyp barmak bilen, pudagyň ösüşiniň esasy maksatnamalarynyň toplumlaýyn çözgüdini tapmagyna mynasyp goşandyny goşýar.
Ynamly gadamlar bilen
16.08.22 - 10:46Şu ýylyň ýedi aýynda gazanylan önümçilik görkezijileri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň oňat netijeler bilen jemlenjekdigini çaklamaga esas berýär. Bu babatda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleriniň bitirýän işleri öwgä mynasypdyr.
Gaz üpjünçiliginde bökdençlik bolmaz
16.08.22 - 10:47Gyş pasly ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryna döwletimiz tarapyndan berilýän eşretleriň biri bolan tebigy gazyň ýylyň beýleki pasyllaryna garanyňda köp sarp edilýän döwri hasaplanylýar. Şoňa görä, «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň şäher, etrap gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary jogapkärli möwsümde gaz üpjünçiliginde bökdençligiň bolmazlygy üçin häzirki günlerden öz işlerini takyk hem-de sazlaşykly guraýarlar. «Maryşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylarynyň işlerem şonuň bir mysalydyr.
Geljege gönükdirilen gerimli işler
16.08.22 - 10:48— Hormatly Prezidentimiz halkyň bähbidini hemme zatdan ileri tutýar, ilatyň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Şonuň netijesinde düýpli özgerişler bolup geçýär. Bu diýýänlerime biziň etrabymyzyň mysalynda hem doly göz ýetirmek bolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda diňe ilatly ýerleri gazlaşdyrmak bilen baglanyşykly ýerine ýetirilen işler-de haýran galdyryjydyr.
«Şatlyk» şypahanasy halkyň hyzmatynda
09.08.22 - 15:24Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda tomus paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde ýurdumyzyň dynç alyş, sagaldyş merkezlerinde, şeýle hem pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli şypahanalarda raýatlarymyzyň göwnejaý dynç almaklary hem-de saglygyny pugtalandyrmaklary üçin döredilýän oňaýly şertler hemmelerde kanagatlanma duýgusyny döredýär.
Işleri ileri gazçylar
09.08.22 - 15:27«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň işgärleriniň şu günler alyp barýan wajyp işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Sargytlar berjaý edilýär
03.08.22 - 18:17Hormatly Prezidentimiziň döwrebap çözgütleri bilen barha rowaçlyklara beslenýän Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň nebitgaz pudagynyň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň zähmet toparlary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda täze belentliklere ynamly gadam urýarlar.
Talyplar önümçilik tejribeliginde boldular
03.08.22 - 18:18Şu günler Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary döwletimiziň nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynda önümçilik tejribeliklerini geçýärler. Önümçilik tejribelikleriniň ýangyç-energetika ulgamynyň ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap kärhanalarynda geçirilmegi olaryň nazaryýetde öwrenenlerini önümçilikde pugta özleşdirmeklerine ýardam berýär.
Eşretli ertirleri nazarlap
03.08.22 - 18:14Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bahasyz baýlygy bolan tebigy gazy okgunly ösüşleriň, eşretli ýaşaýşyň hyzmatynda goýup, bu babatda il-ýurt bähbitli syýasaty ýöredýär. Şeýle möhüm işe «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň agzybir işgärleri netijeli gatnaşýarlar. Olar agzybirlik bilen zähmet çekip, sarp edijileriň tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gazanýarlar.
Döwrüň ruhuna mahsus işler
26.07.22 - 10:29Halkymyzy ýokary hilli nebit we nebit önümleri bilen üpjün etmekde döwrümiziň ruhuna mahsus işleri alyp barýan «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Gubadag nebit kärhanasynyň agzybir işgärleri şu ýylyň alty aýyny üstünlikli jemlediler.
Şerepli gaz ýatagyndan tebigy gazyň akymy alyndy
26.07.22 - 10:30Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sebitlerinde täze gaz ýataklaryny açyp, olary senagat taýdan özleşdirip, tebigy gazyň çykarylyşyny düýpli artdyrmak barada möhüm tabşyryklary berýär.
Binýatlyk toplumdaky buýsançly işler
19.07.22 - 11:44Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet derejesindäki geçirýän mejlislerinde, maslahatlarynda edýän çuň many-mazmunly we maksatnamalaýyn çykyşlarynda, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli kabul edýän Kararlarydyr çözgütlerinde Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha belende göterilmeginde
Ýurdumyzyň sebitleri we pudaklary toplumlaýyn özgerdilýär
19.07.22 - 11:45Häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş-ykdysady syýasatyň baş ugurlary, esasan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öz aýdyň beýanyny tapdy. Şoňa görä-de, ýokary depginli ykdysady ösüşi gazanmakda, ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzümini diwersifikasiýalaşdyrmakda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, bazar-ykdysady özgertmeleri çuňlaşdyrmakda, ýurduň sebitleriniň we pudaklarynyň gyradeň ösüşini gazanmakda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek.