“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 07.03.2024 - 25.03.2024

16:59 07.03.2024 2031

Şertnamanyň goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy “KB-3 barit konsentratyny (1012,5 tonn)  satyn almak boýunça № 2024/04 belgili tender yglan edýär.

Bäsleşik teklibinde manatda hem-de ABŞ-nyň dollarynda her önümiň 1 (bir) tonnasynyň bahasyny we gowşuryş möhletini görkezmeli.

Marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin bildiriş “Nebit-Gaz” gazetiniň www.oilgas.gov saýtynda resmi çap edilen gününden başlap, 10(on) senenama günüň dowamynda “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna:

1. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

2. Bäsleşik teklipleri gatnaşyjynyň, alyjynyň atlary, bäsleşigiň yglan edilen senesi we üpjün edilmeli önümleriň atlary görkezilen we möhür bilen kepillendirilen ýapyk bukjada tabşyrylmalydyr.  

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri barada goşmaça maglumatlar we tenderiň şertlerini almak üçin 745100, Türkmenistan, Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz. 

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 222 6-43-66, +993 62 40 99 20.

Elektron salgysy:

tatneft.tender@mail.ru 

Başga makalalar