TOPH taslamasy, “Galkynyş” käni we Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň beýleki ugurlary – TEIF 2024 forumynyň üns merkezinde
10:11 25.04.2024 8636
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow çarşenbe güni öz işine başlan Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşy barada habar berdi.
“Häzirki wagtda TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginde turba geçirijiniň gönüleýin bölegini ulanyşa girizmäge taýýarlyk işleri tamamlanyp barýar we owgan böleginde gurluşyga başlamak boýunça işler alnyp barylýar” diýip, Batyr Amanow belledi.
Wise-premýer şeýle hem TOPH gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin çig mal binýady bolup durjak “Galkynyş” käniniň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak babatynda geçirilýän işler barada hem durup geçdi.
“Belläp geçmeli zatlaryň iri hem, energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýän “Galkynyş” käni ýurdumyz üçin möhüm syýasy hem ykdysady ähmiýete eýedir. Türkmen tebigy gazynyň halkara bazarlaryna ibermek mümkinçiliklerini giňeltmek üçin käni tapgyrlaýyn özleşdirmek işleri dowam edýär” diýip, wise-premýer belledi.
Hususan-da, “Galkynyş” känini işläp taýýarlamagyň üçünji tapgyry ýyllyk kuwwaty 33 mlrd kub metr bolan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy üçin çig mal binýady hökmünde hyzmat eder.
Batyr Amanow çykyşynda Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga ägirt uly ähmiýet berýändigini nygtady.
“Biz iri möçberli ykdysady wezipeleri durmuşa geçirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmegi dowam etdirmegi meýilleşdirýäris. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn geljek üçin nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny we meýilleşdirilýän möhüm taslamalary belläp geçmek isleýärin” diýip, Amanow belledi.
Şolaryň hatarynda wise-premýer şulary belläp geçdi: TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy, Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, (Blok 11, 12, 16, 21, 23, 24), uglewodorodlary çykarmak, çuňlaşdyryp gaýtadan işlemegiň gerimini giňeltmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen tejribe alyşmak, seýsmo barlag we geologo-gözleg işlerini geçirmek.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy
15-nji sentýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Sammit 15-16-njy sentýabrda geçiriler.