Türkmenistanyň wekilleri BSG-niň wekilleri bilen Daşary söwda tertibi hakynda Ähtnamanyň taslamasyny maslahatlaşdylar

10:56 02.05.2024 6672

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/10700/original-16631dfe58e4f1.jpg

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen ylmy-amaly maslahat Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegine bagyşlandy diýip, ORIENT habar berýär.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistan bilen BSG bilen hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda belläp geçdiler. Gürrüň şeýle hem Bütindünýä söwda guramasyna agzalyk – Türkmenistanyň daşary söwda tertibi hakynda Ähtnama bilen bagly ilkinji resminamany taýýarlamak hakynda gitdi.

Bu Ähtnama BSG goşulýan ähli döwletler üçin hökmany we binýatlyk resminama bolup durýar. Ony işläp düzmegiň barşynda agzalyk bilen bagly meseleler boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikler geçirilýär.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Mejlisiň, ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gatnaşmagynda Bütindünýä söwda guramasynyň we Aziýa ösüş bankynyň bilermenleriniň gatnaşmagynda bu Ähtnamany işläp taýýarlamak boýunça “Ýol kartasyna” laýyklykda duşuşyklar geçirildi. Şeýle gepleşikleriň tapgyry 2023-nji ýylyň iýulyndan 2024-nji ýylyň apreli aralygynda geçirildi. Işewür gepleşikleriň barşynda BSG-niň bilermenleri Guramanyň Ylalaşyklarynyň ählisiniň kadalary we düzgünleri bilen tanyşdylar.

Ähtnamada Halkara söwda merkeziniň (HSM), ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID), Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) we beýleki halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň tehniki kömegi netijeli peýdalanylýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi BSG agzalyk  bilen baglylykda işiniň çäklerinde milli kanunçylyk binýadyny BSG-niň kadalaryna we ýörelgelerine laýyk getirmegiň üstünde iş alyp barýar.

Hususan-da, halkara guramalary bilen bilelikde maliýe-ykdysady, pul-karz, gümrük, söwda we beýleki degişli ulgamlarda birnäçe kanunçylyk namalaryny seljerme işleri geçirilýär. Olaryň netijesi boýunça Türkmenistanyň Mejlisi bilen kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly çäreleri başlamak meýilleşdirilýär.

Mejlisiň çäklerinde çykyş edenler 2020-nji ýylyň iýul aýynda bu guramada Türkmenistanyň synçy derejesini alandygyny, 2022-nji ýylyň fewral aýynda BSG-niň Ženewada geçirilen Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň BSG-niň doly hukukly agzasy bolmak üçin ýüz tutmagynyň netijesinde Türkmenistana BSG-na goşulyşýan döwlet (“işjeň synçy”) derejesini bermek hakynda karara gelnendigini, şeýle hem BSG-niň Sekretariaty bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde öňde duran birnäçe ugurlar barada teklipler öňe sürlendigi aýdyldy.

Başga makalalar
16322bd8218678.png
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.


1680337e5734d7.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady

18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.


16322bcea326bc.jpeg
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy

2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.


16801f0bd3c438.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.


16322bdd9b88fb.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy

15-nji sentýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Sammit 15-16-njy sentýabrda geçiriler.