Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş güni mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
11:48 10.05.2024 6598
9-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Bellenilen wagtda Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni Kreml binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanyny Russiýanyň Prezidenti mähirli garşylady. Kremlden Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa gelen beýleki belent mertebeli myhmanlar — wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde dabaraly harby ýörişiň geçirilýän ýerine — Gyzyl meýdanyň merkezi münberine tarap ugrady.
Harby ýöriş tamamlanandan soňra, asylly däbe görä, dabaralara gatnaşan döwlet Baştutanlary bilelikde Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagyna barýarlar we Näbelli esgeriň guburyna gül desselerini goýýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti tutuş adamzadyň parahat durmuşy hem-de azatlygy ugrunda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde wepat bolanlary hatyralap, Baky oda gyzyl gülleri goýdy.
Dabaraly çäreler tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow “Wnukowo — 2” Halkara howa menziline gelip, bu ýerden Aşgabada ugrady. Birnäçe wagtdan soňra döwlet Baştutanynyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.
Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda umumy wehime hem-de zorluga garşy söweşen millionlarça adamy parahatçylykly durmuş baradaky arzuw jebisleşdirdi. Olar uzak garaşdyran Ýeňşiň ýakynlaşmagyna uly goşant goşdular. Beýleki doganlyk halklary bilen bilelikde türkmenistanly esgerler-de urşuň ýowuz synagyndan mertlik bilen geçdiler. Parahatçylyk we asudalyk, abadan durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde belent ahlak sypatlaryny, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky watançylygyň ajaýyp nusgalaryny görkezdiler. Ata-babalarymyzyň şöhratly we gahrymançylykly ýoly Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
Muňa şu maglumatlar hem şaýatlyk edýär: uruş meýdanlarynda türkmenistanlylaryň 265 müňden gowragy gaýduwsyz söweşdiler. Görkezen edermenlikleri üçin watandaşlarymyzyň 104-si Gahryman diýen belent ada mynasyp boldy, 19-sy bolsa “Şöhrat” ordeniniň doly eýeleri boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň atasy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşmagy aýratyn buýsançly ýagdaýdyr.
Gahrymanlaryň görkezen edermenlikleri ýüreklerimizde baky ýaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy
15-nji sentýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Sammit 15-16-njy sentýabrda geçiriler.