“Türkmengaz” Döwlet konserni halkara tender yglan edýär: 22.04.2024

11:52 14.05.2024 2412

Hormatly jenaplar!

«Türkmengaz»  döwlet konserni tender toparynyň adyndan maglumat toplaýyş ulgamyny we konserniň önümçilik obýektleriniň merkezleşdirilen operatiw- dispetçerlik dolandyryş ulgamyny dolulygyna gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Aşgabat ş. 1939, Arçabil şaýoly 56, 17-nji gat, “Türkmengaz” DK salgysy boýunça:

- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we kompaniýanyň alyp barýan işewürligi, toplan tejribesi hakynda maglumatlary görkezip, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bahk hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

- «Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyş bolmaly;

- Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler bildiriş «Neýtralnyý Turkmenistan»  gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16:00-a çenli kabul edilýär;

- Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär;

- Bäsleşik teklipli bukjalary görkezilen salga ugratmaly.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

: (+99312) 40-32-40,

Faks: (+99312) 40-32-59.

Başga makalalar