Türkmenistanyň Prezidenti Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň аçylyşyna gatnaşdy
11:44 20.05.2024 5419
17-nji maýda Aşgabadyň günorta böleginde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy.
Dabaraly çärä şeýle hem Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar we halk köpçüligi gatnaşdy.
- Paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde türkmeniň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede geçirilýän bu dabara bilen siziň ähliňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
Beýik akyldaryň eserleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň mähriban halkymyza, eziz Diýarymyza, berkarar döwletimize bolan söýgüsini joşdurýar. Nesillerimizde ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt we bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp ýaşlar bolup ýetişmegine ýardam edýär. Türkmenistanly hem-de daşary ýurtly meşhur ýazyjy-şahyrlar, alymlar, edebiýatçylar, suratkeşler, amaly-haşam sungatynyň ussatlary, bagşy-sazandalar beýik şahyra bagyşlap kämil eserleri döretdiler. Bu eserler akyldaryň baý edebi mirasyny öwrenmekde, halka giňden ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boldy diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Biz beýik söz ussadynyň baý, gymmatly edebi mirasyny toplamakda, aýawly saklamakda, öwrenmekde we wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretdik. Bu medal, şeýle hem Magtymguly adyndaky halkara baýrak bilen köp sanly watandaşlarymyz, daşary ýurtly raýatlar sylaglanar.
Tebigy belentlikde gurlan ýadygärligiň beýikligi 60 metre, şahyryň “Türkmeniň” goşgusyndan ganatly setirler hem-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyndan setirler ýazylan binýadyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir.
Döwlet Baştutany we dabaranyň myhmanlary türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň etegine gül desselerini goýdular.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy
15-nji sentýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Sammit 15-16-njy sentýabrda geçiriler.