Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy
11:20 22.05.2024 4675
21-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy hem-de goňşy ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtymyzdaky ilçihanasyna gelip, bu ýerde goňşy ýurduň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen gürrüňdeş boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow doganlyk Eýranda agyr betbagtçylygyň bolandygyny aýtdy. Şehit bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan hem-de hut öz adyndan, türkmen halkynyň adyndan gynanç sözlerini beýan etdi. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-eýran dost-doganlygynyň mizemez nyşany hökmünde Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi baradaky habaryň çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul edilendigini aýdyp, bu pajygaly heläkçilikde goňşy ýurduň Baştutany Seýed Ebrahim Raisiniň aradan çykandygyny belledi. “Seýed Ebrahim Raisi görnükli syýasatçy we parasatly döwlet işgäri bolmak bilen, öz halkynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän köp işleri bitirdi. Ol türkmen-eýran gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ägirt uly şahsy goşandyny goşdy. Onuň biwagt aradan çykmagy bilen, siziň ýurduňyz Watanyna hyzmat eden wepaly ogluny, Türkmenistan bolsa hakyky dostuny ýitirdi” diýip bellemek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow şol dikuçarda Seýed Ebrahim Raisiniň ýanynda bolan ýokary wezipeli wekiliýet agzalarynyň hem wepat bolmagynyň örän gynandyryjydygyny aýtdy. Türkmenlerde «Kyýamat güni goňşudan» diýilýär. Şoňa görä-de, şeýle agyr pursatda Türkmenistan iň ýakyn goňşy hökmünde doganlyk eýran halkynyň gynanjyny paýlaşýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýene bir gezek kyn pursatda eýran halkyna ruhy durnuklylyk arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy
15-nji sentýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Sammit 15-16-njy sentýabrda geçiriler.