Türkmenistanda ylmy energetika maslahatynda BMG-niň we Inžener-nebitçiler jemgyýetiniň sessiýalary geçiriler

13:46 24.05.2024 7049

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/10984/original-166503ffb915a2.jpg

2024-nji ýylyň 5-6-njy iýunynda Arkadag şäherinde «Uglewodorod känlerini işläp taýýarlamagyň energetika geljegi, täze tehnologiýalary we ekologiýa jähtleri» atly Halkara ylmy maslahat (TESC-2024) geçiriler. Maslahaty “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Turkmen Forum” we GaffneyCline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guraýar.

Möhüm çäräniň Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününde geçirilýändigi planetamyzy goramak üçin geňeşmeleriň wajyplygyny nygtaýar.

Guramaçylaryň habar bermegine görä, maslahatyň maksatnamasynyň çäklerinde BMG-niň energetika aragatnaşyklara we sebit howpsuzlygynyň bähbidine söwda bagyşlanan sessiýasy geçiriler.

“Energo ulgamlara berkidilmegiň we söwdanyň hasabyna energetika ulgamlaryň durnuklylygyny we howpsuzlygyny ýokarlandyrmak” mejlisinde sebit energetika gatnaşyklaryny we söwda hyzmatdaşlygyny berkitmegiň meseleleri maslahatlaşylar. Energetika ulgamlaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmakda hyzmatdaşlygyň möhümligini nygtap, mejlise gatnaşyjylar sebitde söwdanyň we özara gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlary maslahatlaşarlar.

Merkezi Aziýada we Kawkazda energetiki goşulyşmak boýunça BMG-niň ÝYK we ESKATO maksatnamasy energetika infrastrukturalary we energiýa serişdeleriniň serhetara söwdasyny ösdürmäge gönükdirilen dürli taslamalary öz içine alýan utgaşdyryjy merkezdir. Bu şertler energetika ulgamynyň durnuklylygyna ýardam etmäge gönükdirilendir.

Geňeşmelere Mejlisler we panel diskussiýalarda köpsanly halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň – BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropada täzeleniş we ösüş bankynyň wekilleri we Türkmenistanda ygtyýarlandyrylan diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşar

Maslahatyň çäklerinde şeýle hem Inžener-nebitçileriň jemgyýetiniň (SPE) ýörite sessiýasy geçiriler: «CO2-ni we kükürt dioksidini utilizasiýa etmek we uglewodorod serişdelerini çykarmak». Bu ugurda hünärmenler öňdebaryjy barlaglaryny we amaly goşundylaryny hödürlärler. Sessiýa gatnaşyjylar soňky gazanylanlar we öňdebaryjy tejribeler barada gymmatly maglumat alarlar.

Sessiýada “SPE Russiýa we Hazaryň”, RF-niň Ylymlar akademiýasynyň G.P.Luzin adyndaky Ykdysady meseleler institutynyň, Senagat we Ekologiýa howpsuzlygynyň Hünärmenleri Birleşiginiň (Russiýa) we beýleki guramalaryň wekilleri çykyş eder.

Başga makalalar
16322bd8218678.png
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.


1680337e5734d7.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady

18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.


16322bcea326bc.jpeg
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy

2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.


16801f0bd3c438.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.


16322bdd9b88fb.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy

15-nji sentýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Sammit 15-16-njy sentýabrda geçiriler.