“Hazar” konsorsiumy tender yglan edýär: 24.05.2024 — 23.06.2024

23:01 25.05.2024 2240

“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy aşakdaky arza esasynda marketing soraşmasyny geçirýär:

Arza №247 - 23.02.2024 –– 03.04.2024 we 23.04.2024 senelerindäki üýtgeşmeler bilen –– kanselýariýa harytlary (39 pozisiýa).

Tendere gatnaşmak üçin BILDIRIŞ çap edilen gününden 30 senenama gününiň dowamynda aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

  • dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin ýazan arzasyny (kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) taýýarlamaly we aşakda görkezilen salga ibermeli;
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi görkezilmeli.

Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgy boýunça amala aşyrylýar:

1. 745100, Türkmenistan, ş.Balkanabat, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumyň edarasy.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 22293047; +993 222933045; +993 22223780.

Elektron salgysy:

sergey.radko@mitromos.com, igor.savochkin@mitromos.com

Başga makalalar