Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
18:03 25.05.2024 8748
24-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen GDA agza döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşi bellenildi, hususan-da, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde bu ösüş 22% ýokarlandy. Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda dostluk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan hem-de häzirki wagtda ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlyk strategik we köptaraplaýyn häsiýete eýedir. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki ugurlarda oňyn gatnaşyklar saklanylýar. Ýangyç-energetika pudagynda, gämi gurluşygynda, oba hojalyk toplumynda, dokma senagatynda, ulag we beýleki ulgamlarda türkmen-rus hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär.
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň — Tatarystan Respublikasynyň, Astrahan oblastynyň, Sankt-Peterburgyň we beýleki sebitleriň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagy netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.
Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Akylbek Žaparow bilen duşuşykda özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň ýylsaýyn artýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ösüş depginini saklamagyň, täze mümkinçilikleri açmagyň zerurdygy bellenildi. Şunda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara topara möhüm orun degişlidir. Bu toparyň işi dürli pudaklarda, şol sanda işewür düzümleriň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini açmak, hususan-da, söwda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli gurallary doly derejede ulanmagyň wajypdygyna üns çekildi.
Duşuşygyň ahyrynda Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini we Halk Maslahatynyň Başlygyny öz ýurduna gelip görmäge çagyrdy.
Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow bilen duşuşykda Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigine aýratyn üns çekildi. Ulag-logistika pudagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Türkmenistanyň we Gazagystanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bu ugurda bilelikdäki geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurulmagy oňyn hyzmatdaşlygyň anyk netijelerini görkezýär. Ulag ulgamynda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň hem-de beýleki goňşy sebitleri ösdürmegiň esasy guralyna, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugry boýunça ykdysady taýdan goşulyşmagyň we hyzmatdaşlygyň möhüm şertine öwülýär. Iki ýurduň özara haryt dolanyşygy geçen ýylda 28% ýokarlandy.
Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Roman Golowçenko bilen duşuşykda söwda-ykdysady, himiýa senagaty, ulag, ylym-bilim we beýleki ugurlarda türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýeti nygtaldy. Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde özara bähbitli netijelere ýetmäge çalyşýarys diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzod bilen duşuşykda Türkmenistanyň we Täjigistanyň özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, dürli pudaklarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak, hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynda, şol sanda senagat, ulag, energetika, oba hojalygy ýaly pudaklarda bar bolan mümkinçilikleri kesgitlemek üçin ýeterlik kuwwatynyň bardygy bellenildi.
Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, ykdysadyýet we maliýe ministri Jamşid Kuçkarow bilen duşuşykda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ösüş depginine eýedigi, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalygy pudaklarynda gatnaşyklaryň giňeldilýändigi nygtaldy. Medeniýet, ylym, bilim ulgamlarynda däp bolan hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürilýär. Bu bolsa iki doganlyk halky mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmak, köpasyrlyk dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmak üçin özboluşly köpri bolup hyzmat edýär.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
Türkmenistanda Oraza baýramy mynasybetli 31-nji mart iş güni däl diýlip yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Oraza baýramyny 30-njy martda bellemek hakynda Permana gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, 30-njy martyndaky dynç güni 31-nji marta — duşenbe gününe geçirildi.
Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň 8-nji mejlisine taýýarlyk görülýär
28-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
«Demirgazyk akymy» bilen bagly ýagdaý zerarly Ýewropada gaz 30% gymmatlady
«Demirgazyk akymy» gaz geçirijisiniň togtamagynyň dowam etmegi netijesinde Ýewropada gazyň spot bahasy 30%-e golaý ýokarlanyp, müň kub metrine 2900 dollara ýetdi diýip, Interfaks habar berýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.