Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

05:12 30.05.2024 6339

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/11035/original-16655ffcf80c41.jpg

28-nji maýda nebitgaz toplumynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä nebitgaz pudagynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow çäräni açmak bilen, ýygnananlary şahyryň saýlanan eserleriniň täze kitabynyň çap edilmegi bilen gutlady. «Magtymguly» kitaby Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we golýazmalar institutynyň alymlary tarapyndan taýýarlanyldy.

Wise-premýer kitabyň ilkinji gezek Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tanyşdyrylandygyny we onuň ilkinji sanynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenstanyň Halk Maslahatynyň Başlygy  Gurbanguly Berdimuhamedowa iberilendigini ýatlatdy.

Şunuň bilen baglylykda, Batyr Amanow döwlet Baştutanynyň sözlerine salgylanyp, «Akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgular ýygyndysynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny» belledi.

Soňra Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewe, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanowa, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýewe, magtymgulyşynas alymlara, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň wekiline we  nebitgaz toplumynyň düzümleriniň işgärlerine söz berildi.

Bellenilişi ýaly, bütin ömrüni halka hyzmat etmäge bagyşlan Magtymgulynyň döredijilik dünýäsi baý we köpugurlydyr. XVIII asyrda türkmen halkynyň durmuşy, taryhy, şol döwrüň syýasy wakalary, türkmen topragyna çäksiz söýgi, ýaşaýşyň ebedi sowallary, tebigatyň gözelligi, ahlak päkligi — bularyň ählisi ussadyň şygyrlarynda öz beýanyny tapypdyr.

Magtymgulynyň şygyrlary diňe bir topragymyzyň tebigy gözelligini wasp etmek bilen çäklenmän, eýsem, arzuw-umytlar bilen bagly ylham beriji duýgulara-da ýugrulandyr. Muny şahyryň täze neşiriniň sahypalarynda orun alan şygyrlarynda-da aýdyň görmek bolýar.

Çykyş edenler türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitap görnüşinde çap edilen täze neşiriň şahyryň mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde uly ähmiýete eýedigini bellediler. Bezeginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň gaznasyndan suratlar ulanylyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edilen bu kitap giň okyjylar köpçüligi üçin ajaýyp sowgat boldy.

Ýokarda aýdylanlar tanyşdyrylyş dabarasynda bolan çykyşlaryň esasyny düzdi we başga-da eseriň ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçildi, şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň ruhy hazynasyny öwrenmekde we ony dünýä ýaýmakda berýän goldawy üçin hoşallyk bildirildi.

Dabaraly çäräniň dowamynda «Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlary ajaýyp döwrümizi, milli medeniýetimizi wasp edýän aýdym-sazlary belent heňde ýerine ýetirdiler. 

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.

Başga makalalar
162fb3bbd688e4.jpeg
Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamynda BMG-niň howandarlygynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk döwletler üçin ulag ulgamynda BMG-niň howandarlygynda täze halkara başlangyçlaryny öňe sürdi. Bu barada döwlet Baştutany 15-nji awgustda Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda açylan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki Halkara maslahatyna iberen wideoýüzlenmesinde belledi.


167c55bf58468f.jpg
Gazagystanyň Prezidenti Aşgabatda halkara forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnşajakdygyny tassyklady. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilýär.


167c55c4033a7e.png
Birža söwdalarynda Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gaz, awiakerosin satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


162fc9092bf5cc.jpeg
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar

Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Bu barada 15-16-njy awgustda Awazada geçirilen ulag forumynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda geçirilen duşuşykda bellenildi.


162fb603fda7dd.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti: geljek ulag gatnaşyklarynyň utgaşdyrylan ulgamynda

Geljek ulag gatnaşyklarynyň utgaşdyrylan ulgamynda. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatda eden çykyşynda belledi.