Üstünlikde paýlary bar
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy» ýylynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň
guýulary ýerasty we düýpli bejeriji böleginiň agzybir we başarjaň işgärleri
tutanýerli zähmet çekýärler. Olar şanly ýylyň geçen bäş aýynda guýularyň
11-sini abatlamagyň hötdesinden geldi
Müdirligiň geologiýa bölüminiň başlygy Berdi Kutlyýew bu üstünlikde
bölegiň köp sanly işgärleriniň saldamly paýynyň bardygyny guwanç bilen habar
berdi. Olaryň bir topary tebigy gazyň köp möçberlerde gazylyp alynýan ýeri
bolan Malaý gaz käninde zähmet çekýär. Bu kän boýunça şu ýylyň geçen döwründe