Üstünlik gazanýan gazçylar
03:00 29.06.2024 6871
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň guýulary ýerasty we düýpli bejeriji böleginiň agzybir we başarjaň işgärleri tutanýerli zähmet çekýärler. Olar şanly ýylyň geçen bäş aýynda guýularyň 11-sini abatlamagyň hötdesinden geldiler we bu baradaky meýilnamany berjaý etdiler. Müdirligiň geologiýa bölüminiň başlygy Berdi Kutlyýew bu üstünlikde bölegiň köpa sanly işgärleriniň saldamly paýynyň bardygyny guwanç bilen habar berdi. Olaryň bir topary tebigy gazyň köp möçberlerde gazylyp alynýan ýeri bolan Malaý gaz käninde zähmet çekýär.
Bu kän boýunça şu ýylyň geçen döwründe tebigy gazyň 2 milliard 227,3 million kub metrden gowragy öndürildi. Ýeri gelende müdirlik boýunça öndürilýän tebigy gazyň agramly böleginiň hut şu gaz käninde gazylyp alynýandygy-da bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle öňegidişlik Malaýda kuwwatly gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi netijesinde mümkin boldy. Kämil desganyň giň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak arkaly «mawy ýangyjyň» akymy barha artdyrylýar. Gazanylýan üstünlige Nurjan Akgaýewiň ýolbaşçylyk edýän abatlaýjylar toparynyň gaýratly hünärmenleri mynasyp goşant goşýarlar. Munuň şeýledigine toparyň agzalarynyň şu ýylyň geçen döwründe bitiren işlerine nazar aýlanyňda hem aýdyň göz ýetirip bolýar. Olar tarapyndan 76-njy belgili guýy düýpli abatlanyldy. Bu bolsa «mawy ýangyjyň» öndürilişini her gije-gündizde 140 müň kub metrden gowrak artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy
15-nji sentýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Sammit 15-16-njy sentýabrda geçiriler.