«Türkmengaz» DK-nyň döredijilik topary «Altyn Garagöz» atly halkara bäsleşiginiň kümüş baýragyna mynasyp boldy
04:20 23.07.2024 7214
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» topary Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen «Altyn Garagöz» atly folklor tansynyň 36-njy halkara bäsleşiginde 2 orny eýelemegi başardy.
Bu abraýly bäsleşige dünýäniň 24 ýurdundan tansçylaryň 720-si gatnaşdy, bu bolsa, türkmen döredijilik toparynyň gazanan ýeňşiniň örän ähmiýetlidigini tassyklady. «Galkynyş» döredijilik toparynyň ýolbaşçysy Allaberdi Nazarowyň gürrüň berşi ýaly, «Altyn Garagöz» atly döredijilik bäsleşigine gatnaşmagyň özi üstünlik getirmek bilen çäklenmän, eýsem, beýleki ýurtlardan bolan kärdeşler bilen tejribe alyşmak we gatnaşyklary ösdürmek babatda hem örän peýdaly boldy.
Düzüminde tansçylaryň 20-si (10 gyz we 10 oglan) we aýdymçylaryň 2-si bolan topar bäsleşikde her biri 3,5 we 8 minut bolan çykyşlaryň üçüsini hödürledi. Topar belli halk aýdymlaryndan we sazlaryndan ybarat bolan popurri saz eserini öz içine alan türkmen milli tansynyň we sazynyň özboluşlylygyny açyp görkezdi.
Bäsleşigiň emin agzalary we tomaşaçylar artistleriň ussatlygyna, gujur-gaýratyna we olaryň aýdym-sazly çykyşlarynyň ajaýyplygyna baha bermek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň owadan lybaslaryna hem aýratyn orun berdiler. Diňe bir çykyşyň dowamynda türkmen tansçylary tomaşaçylary haýran galdyran dürli reňkli, milli nagyşlar bilen bezelen lybaslara beslenmäge ýetişdiler.
Bäş günüň dowamynda Bursa şäheri döredijiligiň dürli öwüşginlerine baý bolup, ajaýyp çykyşlar şäheriň birnäçe sahnalarynda ýaýbaňlandy, festiwal-bäsleşigiň jemleýji tapgyry bolsa, açyk asmanyň astyndaky «Kültürpark» teatrynda guraldy we ajaýyp konsert bilen tamamlandy.
2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» topary Türkmenistanyň çäklerinden alyslarda hem tanalýar. Ine, bu gezek hem topar hünärmenleriň ýokary bahalaryna hem-de şunuň ýaly beýleki çärelere, hususan-da, sentýabr aýynda Bolgariýada geçiriljek festiwala gatnaşmak baradaky çakylyga mynasyp boldy.
«Altyn Garagöz» atly bäsleşik-festiwalyň guramaçysy Bursa şäher häkimliginiň ýanyndaky Medeniýet, sungat we syýahatçylyk gaznasy (BKSTV) bolup durýar. Çäre Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň hem-de Türki halklaryň medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) howandarlygynda geçirilýär.
«Altyn Garagöz» atly folklor tansynyň 36-njy halkara bäsleşiginiň şanly sene — TÜRKSOÝ-nyň esaslandyrylan ýylynyň baýram edilmegi bilen gabat gelendigini bellemek gerek, gurama 1993-nji ýylyň 12-nji iýulynda döredildi.
Festiwalda 1-nji orna Özbegistanyň toparynyň mynasyp bolandygyny aýtmak gerek. Üçünji orna bolsa, Bolgariýadan baran topar eýe çykdy. TÜRKSOÝ-nyň ýörite baýragyny Wengriýanyň topary aldy, hormatly baýraga bolsa Gazagystanyň topary mynasyp boldy.
Bäsleşigiň ýeňijileri diplomlardan, ýadygärlik sowgatlaryndan başga-da, iri pul baýraklaryna mynasyp boldular.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy
15-nji sentýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Sammit 15-16-njy sentýabrda geçiriler.