"PETRONAS Çarigali Türkmenistan” tender yglan edýär: 26.07.2024 - 15.08.2024

15:16 27.07.2024 1718

"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy “Suw ýaşaýyş üçin” taslamasynyň II fazasy üçin inženerçilik hyzmatlaryny bermek boýunça № PCTSB/SA/0724/133 belgili tendere gatnaşmaga çagyrýar.

Tendere gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky resminamalary taýýarlamaly:

  • tendere gatnaşmak üçin arza (tenderiň nomerini we adyny hökman görkezmeli);
  • arza bermek hukugy üçin ygtyýarlandyrylan wekiliň ynanç haty;
  • Türkmenistanda hasaba alnan kompaniýalar üçin kompaniýanyň bellige alyş resminamasynyň nusgalary (eger olar bar bolsa);

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 21 (ýigrimi bir) senenama günüň dowamynda iş wagtlarynda Türkmenistan, ş.Aşgabat, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81 salgy ýa-da elektron salgy boýunça kabul edilýär.

Elektron salgysy:

tender.tkm12@petronas.com.my

tender.tkm8@petronas.com.my

Başga makalalar