Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

15:23 27.07.2024 2745

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/11489/original-166a49706b78e5.jpg

26-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek baradaky guramaçylyk toparynyň mejlisiniň geçirilendigi aýdyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisiniň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisini Aşgabat şäherinde şu ýylyň oktýabrynda geçirmek baradaky teklibi hödürledi.

Wise-premýer B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyş” gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulýan gaz guýularynyň gurluşygyny zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda, ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanynyň garamagyna gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleri maliýeleşdirmegiň Tertibi esasynda binýady işläp taýýarlamak üçin degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew awgust aýynda “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi ýarmarkasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilýän zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň döwlet tapgyryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu hepdede Pakistan Yslam Respublikasyna amala aşyran gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň netijeleri esasynda syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, parlamentara gatnaşyklary höweslendirmek, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli duşuşyklary geçirmek tejribesini dowam etdirmek boýunça teklipler taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutany 30-njy iýulda Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi wezipä girişmek dabarasyna gatnaşmak üçin wise-premýer, daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň türkmen tarapynyň başlygy R.Meredowy Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakynda Buýruga gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, hünärmenleri taýýarlamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Başga makalalar
165521ada081f0.jpg
Nebitgazçynyň maşgalasynda üçem çaga dünýä indi

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda Şahymerdan Şammyýew bilen Sülgün Töräýewanyň maşgalasynda üçem perzentleriň dünýä inmegi etrapda soňky ýüz ýylda ikinji bolup hasaba alyndy.


16551d61b49888.jpg
Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işiniň on aýynyň jemleri jemlendi

Geçen anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


1669e09ea6737b.jpg
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 70 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


16551d69ad758a.jpg
Ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3% boldy

On aýda Türkmenistanda jemi öndürilen önümiň möçberi 6,3 göterim artdy. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow 10-njy noýanrda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi. Mejlisiň barşynda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.


1669e8cc438256.jpg
Şaşka bäsleşigi

Aklar başlaýar we utýar