CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 30.07.2024 – 08.08.2024

13:47 04.08.2024 1901

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Lebap welaýatynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň 2023-24-nji ýyllarda burawlanan gaz guýulary üçin fontan görnüşli armaturany satyn almak boýunça gaýtadan №CIT-22012-MR belgili tender yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Tendere gatnaşmak üçin arza;
  • Kompaniýa barada umumy maglumat, onuň alyp barýan işewürligi, toplan tejribesi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, bellige alnyşy we ygtyýarnamasy barada maglumat;
  • Kompaniýanyň soňky 3 ýylda maliýe ýagdaýy barada gysgaça maglumat;
  • Kompaniýanyň soňky 3 ýylyň dowamynda bu ugurda iş tejribesi barada maglumat bermeli;
  • Zawod barada gysgaça maglumat we bu tendere gatnaşmak üçin zawodyň beren asyl rugsady;
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň şahadatnamasy.

Arzalar bildiriş KHBS-nde çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny iňlis we rus dillerinde taýýarlap, möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.  

     Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 salgy boýunça kabul edilýär:

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993-12-44 54 34

Faks: +993-12-44 50 44 

Başga makalalar