Hem şypaly, hem sapaly
Ýurdumyzyň gözel ýerlerinde ýerleşýän şypahanalaryň mähellesi ýylyň ähli paslynda-da ýetik bolýar. Ýöne hut tomus paslynda ol ýerlerde dynç almak, saglygyny dikeltmek isleýän adamlaryň sany has artýar. Munuň şeýledigine Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Farap» şypahanasynda bo
— Bizde köp dertlere derman mineral suwuň we kämil lukmançylyk enjamlarynyň kömegi bilen dürli keselleri üstünlikli bejermek üçin amatly şertler we giň mümkinçilikler bar. Tejribeli lukmanlarymyz we beýleki hünärmenlerimiz raýatlarymyza ýokary hilli hyzmat etmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler —