“Nebitçi” şypahanasy Türkmenistanyň nebitçileriniň saglygy barada alada edýär
04:20 19.08.2024 4780
Balkanabat şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän “Türkmennebit” Döwlet koserniniň “Nebitçi” şypahanasy ýurdumyzyň nebit senagatynyň zähmetkeşleriniň höwes bilen dynç alýan ýerine öwrüldi. Bu ýerde myhmanlara dynç almak we saglygyny dikeltmek üçin amatly şertler döredilýär.
1989-njy ýylda açylan şypahananyň bäş gatly binasy 100 orunlyk bolup, bu ýerde dynç alýanlara bejeriş-anyklaýyş otaglary, ýaşamak üçin niýetlenen oňaýly otaglar, naharhana, medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin jaýlar hyzmat edýär.
Häzir “Nebitçi” – ýöne şypahana bolmak bilen çäklenmän, eýsem döwletimziň öz raýatlary hakynda aladasynyň nyşany bolup durýar. Yzygiderli geçirilýän abatlaýyş we döwrebaplaşdyrma işleri şypahanany ýokary derejede saklamaga mümkinçilik berýär. 2012-nji ýylda düýpli abatlaýyş işleri geçirilenden soň şypahana täze keşbe eýe bolup, dynç almaga gelýänleri özüne has-da maýyl etdi.
Kabul ediş we bejeriş otaglarynyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi nebitçilere we olaryň maşgala agzalaryna berilýän bejeriş-anyklaýyş kömeginiň derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Hünär derejeli saglygy goraýyş işgärleri saglygyny dikeldýänlere aýratyn çemeleşip, netijeli bejeriş usullary bilen üpjün edýärler.
Şypahana elektroforez, magnit bilen bejeriş, ultrases barlagy üçin niýetlenen abzallary öz içine alýan döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Fizioterapiýa bölümi sirkulýar duş, Şarko duşy, bişofit wannalar, bejeriş bedenterbiýesi ýaly hyzmatlaryň giň görnüşini teklip edýär. Ýokary hünär derejeli lukmanlar – ginekologlar, terapewtler, stomatologlar – ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýärler.
Dynç alýanlar üçin Balkanabat şäheriniň Nebitçiler Medeniýet köşgüniň artistleriniň, estrada we tans toparlarynyň baý mazmunly medeni maksatnamasy guraldy.
Şypahanada sport meýdançasy, hammam, sauna, kitaphana myhmanlaryň hyzmatynda. “Türkmennebit” Döwlet koserniniň önümçilik kärhanalarynyň ýollanmalary bilen gelýän adamlar üçin ýerli ter önümleri peýdalanmak bilen günde üç wagtyna naharlamak düzgüni göz öňünde tutuldy. Ilatyň saglygyna şeýle çemelişmegi her bir türkmenistanlynyň kalbynda eziz Watanyna bolan çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar bolsa, onuň baş baş ugry hökmünde kesgitlendi.
Döwür bilen deň gadam urmak hem-de öz myhmanlarynyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin şypahananyň durky yzygiderli täzelenýär.
— Biziň şypanamyzda dynç alan raýatlardan gelip gowuşýan hoşallyk hatlarynyň yzy üzülenok. Bu biziň lukmanlarymyzyň, şepagat uýalarymyzyň we ähli hyzmat edýän işgärlerimiziň öz wezipe borçlaryna jogapkärçilikli çemeleşýändigini tassyklaýar. Aýratyn-da, terapewt-lukman Eneke Berdiýewanyň, şepagat uýasy Aýbibi Hallyýewanyň, owkalaýjy-lukman Ezizmämmet Täçmamedowyň, direktoryň dolandyryş-hojalyk işleri boýunça orunbasary Muhammet Meredowyň işlerini aýratyn bellemek isleýärin, olar öz yhlasy we işe wepalylygy bilen kärdeşlerine nusgalyk görelde görkezýärler – diýip, şypahananyň baş lukmany Süleýman Hallyýew buýsanç bilen gürrüň berdi.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy
15-nji sentýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Sammit 15-16-njy sentýabrda geçiriler.