Mekdep okuwçylary ýurdumyzyň çagalar dynç alyş merkezlerinde ýatdan çykmajak günleri geçirýärler
06:05 20.08.2024 5821
Tomus pasly – ähli çagalaryň söýýän döwri. Türkmenistanda mekdep okuwçylary däp bolşy ýaly, tomusky dynç alyş günlerini ýurdumyzyň gözel künjeklerinde ýerleşýän çagalar dynç alyş merkezlerinde (ÇDM) geçirýärler. Gökdere jülgesi meşhur dynç alyş ýerleriniň biri bolup, bu ýerde “Türkmengaz” DK-niň “Çeşme”, “Nebitçi”, “Nesil”, “Şöhle” merkezleri ýerleşýär, bulardan başga-da, “Türkmennebit” DK-niň Hazardaky “Gara altyn” hem-de TNGIZT-niň Awazadaky “Arzuw” merkezleri hereket edýär.
Şol çagalar dynç alyş merkezlerine okuwçylar Türkmenistanyň dürli künjeklerinden ýeňillikli ýollanmalar boýunça gelýärler, olar çagalaryň ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ene-atalarynyň iş ýerinden berilýär.
“Nesil” ÇSM çagalaryň tomusky dynç alyş günlerini gyzykly geçirmek üçin halaýan ýerleriniň biri bolup, bu ýere her möwsümde çagalaryň müňlerçesi ýygnanýar.
Ýakynda “Nesil” ÇSM-de beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Açyk gapylar güni” geçirildi. Çäräni Bilim ministrligi, Medeniýet ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilelikde guradylar. Dynç alýan çagalar şahyryň goşgularyny labyzly okap, aýdym aýtdylar, bäsleşiklere we ussatlyk sapaklaryna gatnaşdylar. Soňra çagalaryň öňünde sungat ussatlary çykyş etdiler. Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy tarapyndan guralan amaly-haşam sungatynyň önümleriniň hem-de Pyragynyň eserleriniň sergisi hem çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan şonuň ýaly çäreler tomusky dynç alyş günlerinde ýurdumyzyň ähli çagalar dynç alyş merkezlerinde geçirilýär.
Çagalar dynç alyş merkezlerinde sport çärelerini geçirmek hem indi däbe öwrüldi. Ine, ýakynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi “Çeşme”, “Nebitçi”, “Nesil”we “Şöhle” ÇDM-de “Biz bagtyýarlyk eýýamynyň nesli” diýen şygar astynda medeni-sport çärelerini gurady. Çagalar futbol, woleýbol, basketbol, stol üstünde oýnalýan tennis, şaşka we küşt boýunça bäsleşdiler, päsgelçilikli ylgaw ýaryşlaryna gatnaşdylar.
Şeýle hem ÇSM-de labyzly okamak, aýdym-sazlary ýerine ýetirmek, sahna goýmak boýunça döredijilik bäsleşikleri geçirilýär, umuman, bu çärelerde çagalaryň her biri öz mynasyp ornuny tapýar hem-de ukyp-başarnygyny açyp görkezýär.
Çagalar sagaldyş merkezlerinde geçirilýän her bir gün çagalara ýatdan çykmajak dynç alyş günlerini, jana şypaly arassa howany, daşky gurşawyň gözelligini peşgeş berýär.
Merkezlerde çagalar tejribeli mugallymlaryň, usulyýetçileriň we tälimçileriň gözegçiliginde bolýar. Bu ýerde olaryň birkemsiz dynç almagy, sport, döredijilik endiklerini, paýhas, öwreniş ukyplaryny ösdürmek, şeýle hem kitap okamak we kinofilmlere tomaşa etmek ýaly passiw dynç almagy üçin ähli şertler döredildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň tassyklan Meýilnamasyna laýyklykda gündelik geçirilýän medeni we sport çärelerinden başga-da, çagalar sagaldyş merkezleri tarapyndan guralýan bäsleşiklere we ýaryşlara yzygiderli gatnaşýarlar. Munuň özi çagalaryň ruhuny artdyryp, öz güýjüne bolan ynamyny berkidýär hem-de okgunlylyk, erjellik, tutanýerlilik ýaly häsiýetlerini taplaýar.
Merkezlerde okuwçylaryň saglygyny berkitmek üçin zerur bolan ähli şertler döredildi, her çalşygyň başyndan ahyryna çenli olar ýokary hünär derejeli lukmanlaryň gözegçiliginde bolýar.
Ösüp gelýän nesli barada şunuň ýaly alada edilmegi eziz Watana bolan buýsanç duýgusyny has-da artdyrýar, bu ýerde abadan, gülläp ösýän jemgyýetiň esasy ölçegleri – bu ähli çagalar üçin mynasyp şertlerdir. Çagalar sagaldyş merkezlerinde dörän ajaýyp täsirler çagalaryň hakydasynda uzak wagt saklanýar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy
15-nji sentýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Sammit 15-16-njy sentýabrda geçiriler.