Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamynda BMG-niň howandarlygynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi

09:02 17.08.2022 11887

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/5312/original-162fb3bbd688e4.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk döwletler üçin ulag ulgamynda BMG-niň howandarlygynda täze halkara başlangyçlaryny öňe sürdi. Bu barada döwlet Baştutany 15-nji awgustda Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda açylan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki Halkara maslahatyna iberen wideoýüzlenmesinde belledi.

«Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynda ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerini goramaga    gönükdirilen we BMG-niň degişli düzümleri   bilen yzygiderli iş alyp barjak ýörite iş toparyny döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýärin» – diýip, hormatly Prezident nygtady.

Döwlet Baştutany Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň  deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň   ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamaga girişmäge wagtyň  ýetendigini hem aýratyn üns çekdi.

Prezident iberen wideo ýüzlenmesinde «...  biz Baş Assambleýanyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky» Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamaga girişmäge wagt ýetdi diýip hasap edýäris» – diýip belledi. Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, şol resminama biziň döwletlerimiziň bähbitlerini öňe sürmäge netijeli itergi bermäge, degişli meseleleriň ähmiýetini açyp görkezmäge we olara düşünmäge ýardam berer.

«Türkmenistan bu resminamany taýýarlamaga girişmäge taýýardyr, ähli netijeli teklipler we başlangyçlar üçin açykdyr» – diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Başga makalalar
1631823da01e93.jpeg
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy

Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.


167ef7d8e98a24.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygynda sebit hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy

3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


163186277513ce.jpeg
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar

Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.


167ef73cc8e564.jpg
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini nygtadylar

3-nji aprelde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.


167ef788e52432.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy “Merkezi Aziýa-ÝB” sammitiniň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirdiler

3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.