“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 23.09.2024 - 07.10.2024

15:58 03.10.2024 1368

Şertnamanyň Goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy   konteýner görnüşli mobil (göçme) desgalary ýasamak we olary gurnamak boýunça gaýtadan № 2024/38 belgili tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna:

  • Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, tatneft.tender@mail.ru e-mail salga ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

2. Tenderiň tehniki talaplary arzada görkezilen salga ugradylar;

3. Bäsleşik tekliplerini bildiriş “Nebit-Gaz” gazetiniň www.oilgas.gov saýtynda resmi çap edilen gününden başlap, 10 (on) senenama günüň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 18:00 çenli tabşyrmaly.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri barada goşmaça maglumatlar we tenderiň şertlerini almak üçin 745100, Türkmenistan, Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 222 64366, +993 62 60 07 11.

e-mail salgysy: tatneft.tender@mail.ru IgnatevGR@tatneft.tatar

Başga makalalar