Bedew bilen ýeňişler rowan
04:00 08.10.2024 3824
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 28-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Garaşsyzlyk gününiň şanyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän bu toplumda dürli aralyga çapyşyklaryň 7-si geçirildi. Ilkinji üç çapyşykda üçýaşar atlar 1 müň 600 metr aralykda bäsleşdi.
Şolardan ikinji çapyşykda üçünji derejeli çapyksuwar Y.Saparow «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Bäherden» atçylyk hojalygyna degişli bolan Gülbahar atly mele aty bilen 1 minut 51,6 sekunt netije görkezip, ynamly ýeňiş gazandy. Şanly Garaşsyzlygymyza bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk çapyşygynda gazanylan bu ýeňiş ýurdumyzyň nebitgazçylarynyň ýüreklerini joşduryp, şatlyk-şowhunlaryny has-da artdyrdy.
Ussat çapyksuwar Y.Saparow uly toýdan serpaýly bolmagyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň hut özüniň tomaşa etmeginde gazanylan ýeňşiň özi üçin uly mertebedigini buýsanç bilen belleýär. Ýaş çapyksuwaryň bellemegine görä, şeýle ajaýyp günler, eşretli durmuş, eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşi, ýetilýän sepgitler behişdi bedewlerimiziň tizligi, ýyndamlygy we arassa gylyk-häsiýetleri bilen baglanyşdyrylýar. Şonuň üçin hem bedew bady bilen ösýän-özgerýän Watanymyzda her bir şanly senäniň, toýdur baýramlaryň at çapyşyklary bilen utgaşyp gitmegi örän buýsandyryjydyr. Türkmen aga «At çapmaz, bagt çapar» diýýär. Ine, bu günki ajaýyp baýramçylyk dabarasynda ençeme ussat çapyksuwarlar bilen birlikde, Y.Saparowyň hem aty bilen bagty deň çapdy.
Söhbetdeşligimiziň dowamynda ýaş çapyksuwar Y.Saparow ýurdumyzda çapyksuwarlaryň, seýisleriň ýaşaýyş-durmuş, iş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda yzygiderli alada edýän, ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Şanly senede geçirilen at çapyşyk ata Watanymyzyň ösüşiň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny, milli buýsançlarymyzyň dabarasynyň has-da belende göterilýändigini, ýurdumyzda türkmen halkynyň, şeýle hem umumadamzat bähbitleriniň rowaçlanýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy
15-nji sentýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Sammit 15-16-njy sentýabrda geçiriler.