Gazkondensatly akym alyndy
04:15 08.10.2024 3604
Ýakynda Gögerendag — Ekerem gaznebitli etrabynyň çäginde ýerleşýän Nogaý atly meýdançada gözleg-barlag burawlaýyşda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň buraw ussasy Gürji Taganbaýewiň ýolbaşçylygynda taslama çuňlugy 2 müň 500 metr bolan 7-nji belgili guýuda tejribeli burawlaýjylar toparynyň ussatlyk bilen amala aşyran gazuw işleriniň netijesinde 2 müň 750 metr çuňlukdaky gyzyl reňkli gatlakdan gazkondensatly akym alyndy. Guýynyň gatlagynyň galyňlygy 2 müň 405 — 2 müň 409 metre deň. Guýynyň bir gije-gündizde eçilen başlangyç gazynyň möçberi 262,8 kub metre barabar bolsa, onuň kondensatynyň başlangyç çykymy bir gije-gündizde 11,0 tonna deň boldy.
Bu üstünlik Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan ZJ-70-ДС kysymly buraw desgasynyň dag jynslaryny böwsüp geçmegiň hötdesinden gelmegi netijesinde mümkin boldy. Bu guýynyň taslamasy «Nebitgazylmytaslama» instituty tarapyndan ýerine ýetirildi.
Genji-hazynasyny özünde jemleýän ýurdumyzyň gündogar, günorta-günbatar sebitlerinde miosen we aşaky gyzyl reňkli çökündilerden tapylan has çuň gatlaklarda (5 müň — 7 müň metr) ýerleşýän nebitgaza doýgunly ýataklaryň ýüze çykarylmagy ýurdumyzy şan-şöhrata besleýär. Şu günler tebigy çig malyň ägirt uly gorlaryny goýnunda saklaýan we çuň gatlaklary özleşdirilýän Demirgazyk Goturdepe, Altyguýy, Barsagelmez meýdançalarynda gyzyl reňkli aşaky bölegini gazmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Has takygy, ýaňy-ýakynda Goturdepe buraw işleri müdirliginiň buraw ussasy Täçberdi Dädebaýewiň ýolbaşçylyk edýän burawlaýjylar topary taslama çuňlugy 4 müň 500 metr bolan 403-nji guýyny burawlap, önümçilige tabşyrdylar. Bu guýynyň bir gije-gündizde beren başlangyç nebit çykymy 13,0 tonna barabar boldy. Şeýle hem buraw ussasy Aleksandr Filinowyň ýolbaşçylygyndaky burawlaýjylar topary hem Barsagelmez känindäki 1 müň 355-nji guýyny tamamlap, nebitgaz çykaryjy müdirligine tabşyrdy. Şonda bu guýynyň bir gije-gündizde berýän arassa başlangyç nebiti 12,9 tonna barabar boldy. Mundan başga-da, zemin çuňlugyna aralaşyp, ýakyn wagtlarda taslama çuňluklary, degişlilikde, 4 müň 800, 4 müň 700 we 4 müň 700 metr bolan Demirgazyk Goturdepäniň 415-nji, 197-nji we 368-nji guýularynda buraw işleri ýaýbaňlandyrylyp, taslama çuňluklaryna golaýladylar.
Gögerendag — Ekerem gaznebitli sebitde Altyguýy käninde 172-nji ulanyş maksatly guýuda gazkondensat akymynyň alynmagy guwandyryjydyr. Umuman, üstümizdäki ýylyň başyndan bäri jemi 25 sany guýuda buraw işleri alnyp barlanda, alymlaryň we hünärmenleriň buraw mahaly ýüze çykýan kynçylyklary ýeňip geçmekde degerli maslahatlary berendiklerini we teklipleri hödürländiklerini aýtmak gerek. Galyberse-de, olar gazylan çuňlugy hasaplap, gaz kondensatynyň üstünden barylmagyny öňünden çakladylar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy
15-nji sentýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Sammit 15-16-njy sentýabrda geçiriler.