Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
07:56 11.10.2024 6030
10-njy oktýabrda Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi we giňeltmegi zerur hasaplaýar. Biziň umumy işimizde eýýäm amala aşyrylan iri energetika taslamasy bolan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisini bellemek bolar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurdumyzyň gazagystanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde energiýa serişdelerini ibermegi we üstaşyr geçirmegi düýpli artdyrmagyň mümkinçiliklerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Ulag-logistika hem hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarydyr. Biz Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini emele getirmekde Türkmenistan bilen Gazagystanyň giň mümkinçilikleriniň bardygyndan ugur alýarys. Merkezi Aziýanyň çäklerinden esasy yklymüsti geçirijileri çekmegiň zerurdygy baradaky başlangyç bilen doly ylalaşýarys diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdylanda, Gazagystan Respublikasy bu ulgamda ýurdumyzyň köp ýyllardan bäri ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dürli pudaklarda hyzmatdaşlygyň ýetilen derejesine, Hökümet hem-de dolandyryş edaralary boýunça toplanan tejribä ýokary baha berdi. Umuman, bu ugurdaky hyzmatdaşlygymyz hil taýdan gowulanyp, yzygiderli ösýär.
Biziň ýurtlarymyzyň işjeň hyzmatdaşlyk edip biljek beýleki ugurlarynyň arasynda agrosenagat toplumyny, himiýa senagatyny, maşyn gurluşygyny, dokma önümçiligini we birnäçe beýleki pudaklary görkezip bileris diýip, döwlet Baştutany belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-gazak serhetýaka söwda zolaklaryny döretmegiň hem ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmekde, şol sanda oba hojalyk we durmuş tehnikalaryny, azyk harytlaryny, gurluşyk serişdelerini, şonuň ýaly-da, nebit himiýasynyň önümlerini özara ibermegi giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli meseleleri boýunça umumy ylalaşyga gelýändigimiz, Gazagystan tarapynyň hyzmatdaşlyk etmäge düşünmek bilen garaýandygy we taýýardygy begendirýär diýip, döwlet Baştutanymyz şu günki duşuşygyň iki döwletiň özara gatnaşyklary giňeltmek üçin mundan beýläk-de ähli zerur tagallalary etjekdigini tassyklandygyny belledi. Döwlet Baştutany netijeli iş alyp barandygy, strategik hyzmatdaşlyk meselelerine gyzyklanma bildirip, olary jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe we Gazagystanyň wekiliýetiniň ähli agzalaryna minnetdarlyk bildirdi.
Gol çekilen resminamalaryň hatarynda «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «КазМунайГаз» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «QazaqGaz milli kompaniýasy» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag, logistika we üstaşyr babatda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; 2025 — 2027-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda dostlugy we köptaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça hemmetaraplaýyn Maksatnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşyk bar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy
15-nji sentýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Sammit 15-16-njy sentýabrda geçiriler.