CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 16.10.2024 – 25.10.2024

16:10 21.10.2024 919

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Lebap welaýatynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň gazy gaýtadan işleýiş zawodyndaky (GGIZ-2) fakel ulgamyny düýpli abatlamak we 4400 (1,2) aýlanyş suwy sowadyjy ulgamy abatlamak boýunça №CIT-24075-SR belgili bäsleşiginiň deslapky saýlamalaryny yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Tendere gatnaşmak üçin arza;
  • Kompaniýa barada umumy maglumat, onuň alyp barýan işewürligi, toplan tejribesi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, bellige alnyşy we ygtyýarnamasy barada maglumat;
  • Kompaniýanyň hasaba alnyşy we ygtyýarnamasy barada maglumat;
  • Soňky 3 ýylyň esaslyk maýasynyň we barlanan maliýe hasabatlarynyň subutnamasy;
  • Kompaniýanyň soňky 5 ýylyň dowamynda bu ugurda iş tejribesi barada maglumat bermeli (azyndan 2 taslama);
  • Gatnaşyjy tarapyndan şertnamanyň iş döwründe ygýarnamasynyň togtadylmajaklygy, ýatyrylmajaklygy, bankrot diýlip yglan edilmejekdigi barada kärhananyň ygtyýarly wekili tarapyndan gol çekilen we resmi möhür bilen tassyklanan güwä haty;

Arzalar bildiriş KHBS-nde çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny iňlis we rus dillerinde taýýarlap, möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.  

     Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 salgy boýunça kabul edilýär:

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993-12-44 54 34

       Faks: +993-12-44 50 44

Başga makalalar