“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 17.10.2024 - 25.10.2024

16:09 21.10.2024 849

Şertnamanyň Goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy Caterpillar D8R kysymly buldozeriň we F-800 sorujy gurluşlaryň Caterpillar C27 kysymly hereketlendirijileriniň barlagyny geçirmek we olary düýpli abatlamak boýunça Russiýanyň pul birliginde (rublda), manatda we ABŞ-nyň dollarynda gaýtadan №2024/40 belgili bäsleşigi yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna:

  • Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, tatneft-tender@yandex.ru elektron salga ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

2. Tenderiň tehniki talaplaryny almaly. Tehniki talaplar arzada görkezilen salga iberiler;

3. Bäsleşik tekliplerini bildiriş “Nebit-Gaz” gazetiniň www.oilgas.gov saýtynda resmi çap edilen gününden başlap, 7 (ýedi) senenama günüň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 18:00 çenli tabşyrmaly.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri barada goşmaça maglumatlar we tenderiň şertlerini almak üçin 745100, Türkmenistan, Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993-65-83-18-99

e-mail salgysy: tatneft.tender@mail.ru

tehniki soraglar boýunça habarlaşmak üçin: 

+993 62 74 18 80

Başga makalalar