Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasynda energetika, logistika, “ýaşyl” tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy
16:13 01.11.2024 6045
Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Filipp Merlen bilen geçirilen duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garaldy diýip, ýurdumyzyň DIM-i habar berýär.
Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy öz içine alýan gatnaşyklaryň yzygiderli esasda ösdürilýänligi aýratyn bellenildi.
Taraplaryň halkara guramalaryň çäklerindäki alyp barýan gatnaşyklarynyň oňyn tejribesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Diplomatlar energetika, logistika, gurluşyk, oba hojalygy we «ýaşyl tehnologiýalar» ýaly ugurlar boýunça söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine garadylar.
Taraplar speleologiýa, arheologiýa we fransuz dilini öwrenmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.